Brýusselde Türkmenistan bilen ÝB-niň bilelikdäki komitetiniň mejlisine taýýarlyk maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Palwanow Ýewropanyň Daşarky Hereket Gullugynyň (ÝDHG) Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça Direktorynyň ýerine ýetiriji direktorlygynyň orunbasary Lýuk Dewin bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda ÝB bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk platformalary we Brýussel hem-de Aşgabatda geçiriljek gepleşikleriň guramaçylygy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň dowamynda şu ýyl Brýusselde geçiriljek Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň bilelikdäki komitetiniň mejlisiniň meýilleşdirilmegine garaldy. Mundan başga-da, bilim ugury boýunça ýörite türkmen wekiliýetiniň Brýussele saparynyň guramaçylygy boýunça pikir alşyldy.

Şeýle hem duşuşykda ÝB bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky sebitara hyzmatdaşlyk meselelerine garaldy. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň tutýan ornuna aýratyn üns berildi we esasan hem ulag ulgamy boýunça geçiriljek çäreler bilen baglanyşykly meseleler gözden geçirildi.

Mundan başga-da, Türkmenistanda ýokary derejeli duşuşyklary, şol sanda ÝB-Merkezi Aziýa formatynda ulag we daşary işler ministrleriniň duşuşyklaryny guramak boýunça meýilnamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.