2024-nji ýylyň 1-3 oktýabry aralygynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi bilen Halkara Deňiz Guramasynyň (IMO) bilelikde gurnamagynda Awaza milli syýahatçylyk zolagynyň “Deňiz” myhmanhanasynda geçirilen okuw maslahaty geçirildi.
Okuw maslahata “Türkmendeňizderýaýollary” Agentliginiň, hem-de ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudak-edaralarynyň we ulag-logistika kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdy.
Geçirilen okuw maslahatyň dowamynda deňiz gatnawlaryny ýeňilleşdirmek boýunça çäreleriň durmuşa geçirmek, bu çäreleriň döwletleriň ykdysadyýetine ýetirýän oňaýly täsiri, Halkara deňiz gatnawyny ýeňilleşdirmek baradaky Konwensiýasy we onuň maddalary, “ýeke penjire” ulgamynyň görnüşleri, we olary ornaşdyrmagyň ugurlary barada prezentasiýalar görkezildi.
Şeýle-de, okuw maslahatyň meýilnamasyna laýyklykda oňa gatnaşyjylar iki topara (“Gury ýük” we “Ýolagçy-parom” terminallary) toparlara bölünip tejribelik işini geçdiler. Ýagny, her terminala gämi girme hyzmatlarynda ulanylýan düzgünler, resminamalar we olaryň dürli taraplaryň arasynda dolanşygynyň tertibi barada prezentasiýalar taýýarlanylyp, bilermenler bilen gatnaşyjylaryň arasynda özara pikir alyşyldy.
Maslahatyň dowamynda halkara bilermenleri tarapyndan “Deňiz ýeke penjiresi” ulgamy barada prezentasiýa görnüşinde çykyş edildi. Çykyşyň dowamynda “Deňiz ýeke penjiresi” ulgamy barada giňişleýin düşünje berildi. Şeýle-de, bu ulgamy ornaşdyrmagyň usullar, halkara standartlar we Halkara deňiz guramasynyň bu ulgamy ornaşdyrmagy öňe sürmek üçin başlangyçlary barada gürrüň berildi. Gatnaşyjylardan düzülen toparlar tarapyndan Türkmenistanda “ýeke penjire” ulgamyny ornaşdyrmak arkaly gämi gatnawlarynda ulanylýan resminamalaryň degişli taraplaryň arasynda dolanşygyny ýeňilleşdirmek we kämilleşdirmek barada prezentasiýalar taýýarlanyldy.
Okuw maslahatyň üçünji güninde Türkmenistanda “ýeke penjire” ulgamyny ornaşdyrmak barada toparlaryň çykyşlary diňlenildi we özara pikir alyşyldy. Soňra okuw maslahatyň dowamynda Milli ýeňilleşdiriş (FAL) komitetini döretmek we onuň işi barada meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Okuw maslahatyň ahyrynda gatnaşyjylara degişli şahadatnamalar gowşuryldy.