Anna güni Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda Merkezi Aziýada raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça ministrler derejesinde sebitleýin maslahat geçirildi. Onda sebit ýurtlarynyň wekilleri degişli ugurda bilelikdäki çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar. “Ýyldyz’ myhmanhanasynda geçirilen çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, halkara bilermenleri we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri wekilleri gatnaşdylar. Bu barada Biznes Türkmenistan resmi saýty habar berilýär.
Çäräniň dowamynda gatnaşyjylar 2019 – 2024-nji ýyllarda raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça Türkmenistanyň hereketleriniň milli meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşdylar. Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary bilen we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda halkara parahatçylyk başlangyçlaryny goldamakda ýurduň tagallalaryna aýratyn üns berildi.
BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekilleri raýatlygy bolmadyk adamlaryň goraglylygy we jynsy sütemleriň pidalaryna ýardam etmek babatda özara tejribe alyşdylar. Gatnaşyjylar doglan ýeri boýunça raýatlygy ykrar etmäge gönükdirilen “#IBELONG” taslamasynyň çäklerindäki ilerlemeleri ara alyp maslahatlaşyp, Raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça ählumumy birleşigiň işleriniň möhüm ähmiýetini bellediler.
Maslahat raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryny goramakda we olaryň hukuk ýagdaýynyň kesgitlenilişindäki düzgünleri kämilleşdirmekde Merkezi Aziýada hereketleriň utgaşdyrylmagyny göz öňünde tutýan jemleýji resminamalara gol çekilmegi bilen tamamlandy.