Türkmenistan, Eýran we IRU üstaşyr howpsuzlygy güýçlendirmek üçin Ähtnama baglaşdylar

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy, Eýranyň Gümrük dolandyryş edarasy we Halkara awtomobil ulaglary birleşigi (IRU) sişenbe güni “ITTC 2024” halkara maslahatyň we serginiň çäklerinde özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler.

Bu resminama Halkara ulag ýanhaty ulagmynyň çäklerinde ýük daşamalaryň howpsuzlygyny we netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Ähtnama Türkmenistan bilen Eýrany birleşdirýän möhüm ulag geçelgelerden ýükleriň bökdençsiz geçirilmegini üpjün etmekde hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi göz öňünde tutýar. Ulag amallary üçin gözegçiligi kämilleşdirmek, olaryň aýanlygyny ýokarlandyrmak, dolandyryş resminama işlerini azaltmak we ýük daşamalaryň ähli tapgyrynda howpsuzlygy berkitmek esasy wezipeleriň hataryndadyr.

Halkara ulag ýanhaty ulgamy gümrük resminama işlerini çaltlandyrmaga, logistika zynjyryna gatnaşýanlar üçin töwekgelçilikleri azaltmaga we ulag düzümlerini döwrebaplaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Bu ädim diňe bir iki ýurduň arasyndaky ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmäge däl, eýsem, sebitiň halkara ýük daşamalar ulgamyna goşulyşmagyna hem şert döreder.

Ähtnama gol çekilmegi halkara söwda şertlerini gowulandyrmakda, Merkezi Aziýada we onuň çäklerinden daşarda üstaşyr mümkinçilikleri giňeltmekde hem-de ykdysady gatnaşyklary berkitmekde möhüm waka boldy.