2026-njy ýylyň 29-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň edara binasynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň Merkezi Aziýada ulag koridorlarynyň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak (TCTR) meýilnamasy boýunça sebitleýin wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar sebitde ulag-logistika infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda alnyp barylýan taslamalar boýunça sebitara ulag koridorlaryny kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan giň göwrümli işler barada pikir alyşdylar.
AECOM kompaniýasynyň wekilleri 2026–2028-nji ýyllar aralygynda amala aşyrylýan TCTR meýilnamasy, onuň çäginde Merkezi Aziýada ulag, energetika we sanly maglumat (IT) ulgamlaryna maýa goýumlary çekmek boýunça alnyp barylýan işler barada prezentasiýa bilen çykyş etdiler. Şeýle hem duşuşykda halkara maliýe guramalarynyň, şol sanda Yslam Ösüş Bankynyň maliýeleşdirmeginde täze gämileriň gurluşygynda «Ýeketäk deňiz penjiresi» ulgamyny ornaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine seredildi.
Şeýle-de, Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň wekilleri tarapyndan myhmanlar 2026-njy ýylyň 24–26-njy noýabrynda geçiriljek Halkara ulag forumyna çagyryldy. Myhmanlar bolsa öz gezeginde bu çäre gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirdiler. Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ynam bildirip soňra Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri bilen ýerinde tanyşdylar.