2022-nji ýylyň 14-nji awgustynda “Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrler derejesindäki halkara maslahatyna” gatnaşyjylaryň Türkmenbaşy Halkara deňiz portyna sapary guraldy.
Daşary ýurtly gatnaşyjylar üçin port desgalaryna tanyşdyryş gezelenji guraldy, olar bu ýerde terminallaryň işleýşine syn etdiler. Monitorlarda Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň ähli terminallarynyň işleýiş aýratynlyklary barada wideolar görkezildi.
Şeýle-de, portyň Ýolagçy-parom terminalynyň birinji gatynda sergi gurnaldy. Serginiň esasy maksady, Türkmenistanyň ulag infrastrukturasynyň mümkinçilikleri, ulaglaryň dürli görnüşleri bilen uly göwrümli we agyr ýükleriň Hazar sebitine eltilmeginiň aýratynlyklaryny, olary Türkmenistanyň çäginden Merkezi Aziýa ýurtlaryna, şol sanda deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlara üstaşyr geçirmek mümkinçliklerini görkezmekden ybarat boldy.