30 ýyllyk bitaraplyk: GDA Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik we döredijilik ýörelgelerini goldaýar

23-nji iýulda Minskde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk statusyna eýe bolmagynyň otuz ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Çäräni Türkmenistanyň Belarussiýadaky ilçisi Şagulýew gurady.

 Ilçi döwletleriň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary saklamakda bitaraplygyň möhüm orun eýeleýändigini belledi we munuň Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň esasy ýörelgesidigini aýtdy.

BMG-nyň Belarussiýadaky utgaşdyryjy wekili Bagirow Türkmenistany Bitraplygynyň şanly senesi bilen gutlady. Ol ýurduň halkara jemgyýetçiligi ösdürmekde we global durnuklylygy berkitmekde goşýan goşandyna ýokary baha berdi.

GDA-nyň Baş sekretarynyň orunbasary Seýtimow hem bitaraplyk ýörelgelerine ygrarlylygy we Arkalaşygyň çäginde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda goşýan möhüm goşantlary üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistan oňyn goňşuçylyk, deňhukuklylyk we birek-birege hormat goýmak syýasatyna eýerip, GDA döwletleru bilen işjeň gatnaşýar. Ýurt sebitiň sosial-ykdysady ösüşine we onuň durnuklylygyna gönükdirilen köp sanly maksatnamany we taslamany hödürleýär we goldaýar.

GDA-a agza ýurtlaryň daşary işler ministrlikleriniň arasynda ykdysady hyzmatdaşlyk we özara gatnaşyklar babatynda Türkmenistanyň başlangyçlary giň goldawy eýeledi. Bu ädimler ýurduň halkara gatnaşyklaryny berkitmek ynanyşmak we birek-birege hormat goýmak esasynda netijeli özara hyzmatdaşlygy ösdürmekdealyp barýan işleriniň aýdyň mysalydyr.

Türkmenistanyň Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak ýylyny geçirmegi onuň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň üstünlikli netijesidini görkezdi. 2026-njy ýylda GDA-nyň 35 ýyllygy bellenilýär we oňa Türkmenistan integrasiýa gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna işjeň gatnaşýar. Arkalaşygyň Baş sekretarynyň orunbasary Seýtimow, türkmen ýolbaşçylarynyň hyzmatdaşlygy ösdürmekde öňdengörüjilikli syýasatynyň ähmiýeti barada hem belläp geçdi.