Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň Türkmenbaşy şäherindäki deňizçilik orta hünär okuw mekdebinde hem “1-nji sentýabr–Bilimler we talyp ýaşlar” güni mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Şatlyk-şowhuna beslenen dabaraly çäre “bagtyýar döwrüň talyby” diýen belent ada mynasyp bolan birnäçe ýaşlarymyzyň durmuşynda ýatdan çykmajak günleriň biri boldy.
Dabara gatnaşanlar hormatly Prezidentimiziň ýaşlara bildirýän ynamyny ödäp, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin öz mynasyp goşantlaryny goşup, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmeklerini arzuw etdiler.
Şeýle hem talyplar Arkadagly Serdarymyza ýaşlar barada döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin çäksiz alkyşlaryny aýtdylar.