Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 2024-nji ýylyň 5-6-njy dekabrynda Malta döwletiniň paýtagty Wallettada geçirilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 31-nji mejlisine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-ni habar berýär.
Çäre ÝHHG-e agza döwletleriň 30-dan gowrak daşary işler ministrlerini bir ýere jemledi. Olar Ýewropada we Ýewraziýada howpsuzlygyň möhüm meselelerini, guramanyň işi bilen baglanyşykly wezipeleri ara alyp maslahatlaşdylar. ÝHHG-niň möhüm ýolbaşçylaryny wezipä bellemek we geljek ýyl üçin býujeti maslahatlaşmak kabul edilen çözgütleriň hatarynda boldy.
Plenar mejlisiň dowamynda Mähri Bäşimowa sebit durnuklylygy berkitmekde, syýasy, ykdysady, ekologiýa we ynsanperwer ugurlarda dialogy ilerletmekde Türkmenistanyň ÝHHG bilen hyzmatdaşlygynyň möhüm ähmiýetini belledi. Daşary işler ministriniň orunbasary Türkmenistanyň ÝHHG bilen hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýändigini nygtap, hususan-da, halkara ulag düzümlerinde we ekologiýa meselelerinde gurama agza döwletler bilen özara gatnaşyklary ösdürmäge çagyrdy.
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň şeýle hem Kipr Respublikasynyň DIM-niň Döwlet sekretary Andreas Kakuris bilen duşuşygy boldy. Onda ikitaraplaýyn gatnaşyklar we syýasy-diplomatik hem-de ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şertnama-hukuk binýady berkitmegiň hem-de özara düşünişmek hakynda ähtnamalaryň taslamalarynyň üstünde işlemegiň meselelerine hem garaldy.
Mejlisiň çäklerinde Ýewropanyň Daşary gatnaşyklar gullugynyň dolandyryjy direktory Mihael Zibert bilen hem duşuşyk geçirildi. Taraplar özara gatnaşyklaryň hereket edýän gurallarynyň, şol sanda Türkmenistan–ÝB Bilelikdäki komitetiniň, adam hukuklary boýunça we parlamentara dialoglarynyň möhümdigini belläp, geljek ýylda Türkmenistanda DIM-niň ýolbaşçylarynyň duşuşygyny geçirmek meselelerini maslahatlaşdylar.