Aşgabatda Beýik Ýüpek ýolunyň Hazarýaka şahalaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça halkara bilermenleriň sebitleýin duşuşygy geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.
Oňa hökümet agzalary, Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň wekilleri we milli utgaşdyryjylary ÝUNESKO we beýleki halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdy.
Duşuşykda taryhy mirasy gorap saklamaga we wagyz etmäge gönükdirilen maksatnamalaryň we resminamalaryň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýüpek ýolunyň Hazar — Wolga geçelgesiniň hödürnamasyny taýýarlamak üçin “Ýol kartasynyň” üstünde işlenip düzülmegi we miras ýerlerini gözlemekde we dolandyrmakda häzirki zaman tehnologiýalarynyň birleşdirilmegine aýratyn üns berildi.
Duşuşygyň maksatnamasyna laýyklykda, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen, açyk asmanyň astyndaky muzeý bolan Köne Nusaý ýadygärligine gezelenç meýilleşdirilýär. Bu gadymy ýadygärligiň bütindünýä sanawyna girizilmegi türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasynyň desgalarynyň ýokary gymmatlyga eýediginiň dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.