Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen-amerikan işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty, “John Deere” kompaniýasynyň Merkezi Aziýada strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ýolbaşçysy Çaba Leýkony we “Westport Trading Europe Limited” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Nikolaý Ýurçenkony kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň döwlet habarlar gullugynyň resmi saýty habar berýär.
Taraplar söhbetdeşligiň dowamynda nebitgaz pudagy, elektroenergetika, ulag-aragatnaşyk, oba hojalygy, ýokary tehnologiýalar ýaly ulgamlary bilelikde ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezip, Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi bilen bagly mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň Prezidenti türkmen-amerikan işewürlik maslahatynyň Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny we maýa goýum hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Döwlet Baştutanymyz türkmen- amerikan hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini we olaryň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.