Türkmenistanyň Prezidenti Sankt-Peterburgyň gubernatory bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) resmi däl Sammitine gatnaşmak üçin Sankt-Peterburg şäherine bardy.  Bu barada “Watan” habarlar gepleşigi mälim edýär.

“Pulkowo” howa menzilinde Türkmenistanyň döwlet Baştutanyny şäheriň gubernatory Aleksandr Beglow garşylady, gysga wagtlaýyn söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Sankt-Peterburgyň arasyndaky ykdysady we medeni hyzmatdaşlygyň meselelerini maslahatlaşdylar.

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň we Sankt-Peterburguň arasyndaky hyzmatdaşlyk dürli ulgamlarda berkidildi. Peterburgly hünärmenler Aşgabadyň günortasyndaky ýol düzümleriniň gurluşygyna işjeň gatnaşyp, geçelgeleri, köprüleri, aýlawly ýollary öz içine alýan jemi 25 taslamany durmuşa geçirýärler.

Hyzmatdaşlyk energetika pudagyny hem öz içine alýar. “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasy Russiýanyň “Silowyýe maşiny” kompaniýasy bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk edip gelýär.

Medeni we bilim gatnaşyklary hem ösmegini dowam edip gelýär. Geçen okuw ýylynda Türkmenistandan iki müňe golaý talyp Peterburgyň ýokary okuw mekdeplerine kabul edildi. Munuň özi rus bilimine gyzyklanmalaryň barha artýandygyna şaýatlyk edýär.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) resmi däl Sammiti 2024-nji ýylyň 25-nji dekabynda Sankt-Peterburg şäherinde öz işine başlady. Çärä Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Belarusuň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşýar.