Türkmenistan 2025-nji ýyly uly ynam bilen garşylady

Türkmenistanda Täze 2025-nji ýyly garşylamak üçin baýramçylyk dabaralary giňden ýaýbaňlandyryldy. Bezelen arçalar we çagalaryň gatnaşmagy söýgüli baýramçylyga aýratyn öwüşgün çaýdy.

2025-nji ýyly uly şatlyk-şowhun bilen garşylaýan paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin Döwlet sirkiniň öňündäki meýdançada hem-de “Ylham” seýilgähinde ýurdumyzyň belli estrada aýdymçylary çykyş etdiler.

"Älem" Medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada, dürli reňkli yşyklar bilen bezelen ýurduň Baş arçasynyň ýanynda, şäheriň ýaşaýjylary we paýtagtyň myhmanlary Täze ýyly garşylamak üçin ýygnandylar.

Sanly aragatnaşyk arkaly teleköpri görnüşinde dabaralara Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, şeýle hem welaýatlaryň wekilleri goşuldylar.

Dabaranyň alypbaryjysy ähli ildeşlerimiziň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzy “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygary astynda geçjek täze ýyl bilen gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler. Soňra alypbaryjy paýtagtymyzy Arkadag şäheri we welaýat merkezleri bilen baglanyşdyrýan baýramçylyk teleköprüsiniň başlanandygyny yglan etdi.

Göni aragatnaşyk ýurduň dürli sebitleriniň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň ýaşaýjylaryny birleşdirdi, olar biri-birini Täze ýyl bilen gutladylar.

Täze ýyl teleköprüsini Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň paýtagty jemledi. “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada ýygnanan Aşgabadyň ýaşaýjylary, şeýle hem ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümi ähli ildeşlerimize rowaçlyk, bagtyýarlyk arzuw etdiler. Olara aýdymçylar hem öz çykyşlary bilen goşuldylar.

Teleköpriniň dowamynda esasy pursat ýetip geldi: hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow göni ýaýlymda Türkmenistanyň halkyna Täze ýyl gutlagy bilen ýüzlendi. Paýtagtymyzda, Arkadag şäherinde hem-de welaýatlarda dabara gatnaşyjylar, ähli ildeşlerimiz döwlet Baştutanymyzyň çykyşyny uly üns bilen diňlediler.

Sanlyja pursatdan sagadyň dilleri 12-ni görkezdi. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy.

Soňra baýramçylyk feýerwerki Aşgabadyň asmanyna ýalkym saçdy. Türkmenistan ýagşy umyt-arzuwlar bilen 2025-nji ýyla gadam basdy.