“Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň" esasy işi deňiz desgalaryny abatlamak we gurmakdan ybarat bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmek, ulag toplumynyň gerimini we mümkinçiligini giňeltmek, hususanda deňiz we derýa ulaglarynyň kuwwatlygyny ýokarlandyrmak, şeýle-de, gämi gurluşyk pudagyny ösdürmek boýunça edýän tagallalary bilen iki sany gury ýük gämileriniň bilelikde gurulmak işi güýçli depginde dowam edip dur.
2024-nji ýylyň 11-nji noýabrynda gämi gurluşygynda möhüm tapgyra ýetildi – gurulýan gämileriň ilkinji bloklary gurluşyk meýdançasyna çykaryldy. Bu tapgyr zawodyň hünärmenleriniň ýokary hünärleriniň we ulanylýan tehnologiýalaryň netijeliliginiň subutnamasy bolup durýar.
Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde ilkinji gäminiň «Keel Laying» dabarasy geçirildi. Dabara «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyň ýolbaşçylary hem-de zawodyň hyzmatdaş kompaniýasy bolan, Günorta Koreýanyň «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.» kompaniýasynyň Prezidenti Choi Young Uook hem gatnaşdy.
«Keel Laying» dabarasy, täze gäminiň gurluşygynyň başlangyjy bolan dabaraly waka bolup, bu waka geçmişden şu güne çenli gämileriň gurluşygynda iň möhüm wakalaryň biridir. Bu dabara täze gäminiň döremegini alamatlandyrýan gämi gurluşygynyň örän ähmiýetli tapgyry bolup durýar.