Tegelek stol

2022-nji ýylyň 9-njy sentýabrynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik çäresi geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyzlyk ýyllary içinde eziz Watanymyzyň ähli ugurlar boýunça gazanan üstünikleri, ýetilen sepgitleri, şeýle hem 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda Türkmenistanyň Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň täze rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi hem-de “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň we onuň garamagyndaky edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar, bilim alýan talyplar hakynda döwlet derejesinde edilýän aladalar babatda söhbet etdiler.

Çärä gatnaşan ýaşlar hormatly Prezidentimizi we mähriban halkymyzy Watanymyzyň ýetip gelýän Garaşsyzlyk toýy bilen gutladylar Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, alyp barýan il-ýurt bähbitli, halk ähmiýetli işlerinde uly üstünikler arzuw etdiler.