Türkmenistan bilen “VSO” Aşgabatda bilim hyzmatdaşlygynyň geljegini maslahatlaşdylar

2025-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Aşgabatda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we “Volunteer Services Overseas” (VSO) guramasynyň wekilleriniň duşuşygy geçirildi. Onuň barşynda taraplar okatmagyň innowasion usullaryny we Türkmenistanda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň habar bermegine görä, gepleşiklere ministriň orunbasary Azat Ataýew, halkara bölümiň başlygy Gülnabat Gurdowa we “VSO” guramasynyň wekilleri – Purna Şrestha we Joýs Leýker gatnaşdylar. Taraplar mugallymlary, mekdep okuwçylaryny we bilim edaralaryny goldamagy ugur edinýän başlangyçlar boýunça pikir alyşdylar.

“VSO-nyň” wekilleri bilim özgertmelerini we dünýä ölçeglerini ornaşdyrmakdaky tejribelerini paýlaşmagy teklip etdiler. Munuň özi Türkmenistanyň bilim ulgamynyň ösüşine ýardam bermelidir. Taraplar özara hyzmatdaşlygyň okuwçylar we mugallymlar üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna hem-de bilim ulgamyny ösdürmekde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdiler.

Aşgabatda bir hepdelik saparda bolýan “VSO-nyň” wekiliýeti geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini öwrenmek üçin mekdeplere we bilim merkezlerine baryp görmekleri meýilleşdirilýär.

Londonda ýerleşýän “VSO” guramasy meýletinçileri goldamagy we inklýuziw bilim gurşawyny döretmegi ugur edinmek bilen 20-den gowrak ýurtda iş alyp barýar.