Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda 19 – 20-nji fewralda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň sekizinji mejlisi geçiriler.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, bu çärä görülýän taýýarlyk işler barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümetiň nobatdaky mejlisinde hasabat berdi.
Mejlisiň gün tertibine Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy söwda-ykdysady ulgamda, şol sanda medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmak meseleleri giriziler.
Wise-premýer degişli toparyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen, teklipleriň taslamasyny Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna hödürledi.
Türkmenistanyň döwlet Baştutany hasabaty diňläp, toparyň türkmen böleginiň düzümini makullady we degişli ugurda zerur çäreleri görmek boýunça wise-premýere tabşyryklary berdi.
Hökümet mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.