Almaty şäherinde Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň demir ýol edaralarynyň wekilleriniň iki günlük iş duşuşygy geçirildi. Onuň barşynda Russiýanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Eýranyň üstünden göni üstaşyr amatly nyrh şertlerini döretmäge aýratyn üns berildi diýip, “Türkmendemirýollary” agentligi anna güni habar berdi.
Taraplar Gazagystandaky Bolaşak serhetýaka stansiýasyndan geçirilen ýük daşamalaryň jemlerini jemlediler hem-de Demirgazyk – Günorta ulag geçelgesiniň özüne çekijiligini ýokarlandyrmak boýunça çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Gatnaşyjylar ýük daşamalaryň möçberlerini artdyrmaga we hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge meýillidiklerini tassykladylar. Duşuşygyň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklar boýunça teswirnama gol çekildi.
Demirgazyk – Günorta ulag geçelgesi – bu uzynlygy 7200 kilometre ýetýän multimodal geçelge bolup durýar. Bu goşmaça ugur Ýewropanyň, Pars aýlagynyň we Hindi ummanynyň ýurtlaryny Sues kanalsyz özara baglanyşdyrýar.