2025-nji ýylyň 3-nji fewralynda Moskwa şäherinde GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedowyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň GDA agza ýurtlaryň ilçileri bilen duşuşygy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Esen Aýdogdyýew gatnaşdy. Bu barada GDA-nyň resmi saýty habar berýär.
Duşuşykda Russiýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy 2024-nji ýylda Arkalaşygyň çäginde alnyp barlan köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijelerini jemledi. Mundan başga-da, taraplar şu ýyl GDA-nyň çäginde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de halkara we sebit gün tertibindäki möhüm meseleler boýunça pikir alşyldy.