“Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda türkmen halkynyň her bir güni toýly günlere beslenýär. Bu günler eziz Watanymyz Türkmenistan Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk toýyny toýlaýar.
Eziz Watanymyzyň toýuna zähmet üstünikleri bilen özüniň mynasyp goşandyny goşan ildeşlerimize hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýy ýapylýar, hormatly atlar dakylýar.
Şeýle bagtly günleriň şaýady bolup gatnaşmak Türkmenistanyň Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň we onuň garamagyndaky edara-kärhanalarynda göreldeli zähmet çekýän kärdeşlerimiziň hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna mynasyp bolmaklary olary ýene-de täze-täze zähmet üstüniklerine ruhlandyrdy.
Sylaga mynasyp bolan kärdeşlerimiziň Arkadagly Serdarymyza ýürekden çykýan çäksiz alkyşlary, sag bolsunlary uly buýsanç bilen ýaňlandy.
Türkmenistan-zähmet çekmäge, çeken zähmetiň hözürini görmäge ähli mümkinçilikleriň döredilen ýurdudyr. Şunuň ýaly ajaýyp döwletde halal zähmetiň miwesini görüp, abraý, üstünlik gazanyp, hormatly Prezidentimiziň sylagyna mynasyp bolmak her biriňize nesip etsin!
Sylagyňyz gutly bolsun eziz kärdeşler!