Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 3-nji fewralda Tähran şäherinde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň ýokary derejeli komitetiniň ilkinji mejlisine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Bu çärä YHG-a agza döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň wekilleri, sebit guramalarynyň, ady agzalan guramanyň ýöriteleşdirilen edaralarynyň we düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Onda hyzmatdaşlygyň maliýe-býujet, “YHG üçin 2025-nji ýyla çenli görüş” maksatnamasynyň wezipelerini durmuşa geçirmek we bileleşigiň iş gurallaryny kämilleşdirmek meselelerine aýratyn üns berildi.
Ahmet Gurbanow sebit hyzmatdaşlygyny berkitmäge Türkmenistanyň ygrarlydygyny nygtap, ýurduň Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasy, Ählumumy energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň bileleşigi hem-de ýapyk aýlanyşykly ykdysadyýete geçmek ýaly başlangyçlary bilen tanyşdyrdy. Ol şeýle hem sebit gatnaşyklaryny utgaşdyrmak we syýahatçylyk we adam maýasy ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin YHG-niň Söwda ylalaşygyny netijeli durmuşa geçirmegiň möhümdigini belledi.
Mejlisiň çäklerinde A.Gurbanowyň YHG-niň Baş sekretary Asad Majid Han bilen gysga wagtlyk duşuşygy boldy. Onuň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen guramanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini maslahatlaşdylar.