2025-nji ýylyň 4-nji fewralda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Özbegistan Respublikasynyň Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň ýanyndaky Gümrük komitetiniň wekilleri göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşdylar. Bu barada Türkmenistanyñ Döwlet Gümrük Gullugynyň resmi saýty habar berýär.
Iş duşuşygyň maksady «Farap awtoýollary-Alat» gümrük nokatlarynyň geçirijiligini ýokarlandyrmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak boldy.
Bellenilişi ýaly, ýakynda “Farap” awtoulag gözegçilik nokadynyň durky täzelenenden soň, Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda hereket edýän ulaglaryň sany köpeldi. Muňa garamazdan, taraplar wezipeleriň mümkinçiliklerini has-da ýokarlandyrmak üçin geljegi uly bilelikdäki meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň netijesi boýunça taraplar, «Farap awtoýollary-Alat» gümrük nokatlarynda ýüze çykyp biljek soraglary we meseleleri dessin çözmek maksady bilen jogapkär wekiliň bellenilmegi, gümrük nokatlarynyň çäginde bilelikdäki iş duşuşyklarynyň geçirilmegi hem-de Türkmenistanda geçen ýylyň 1-nji iýunyndan işe girizilen deslapdan deklarirleme mümkinçiliginden Özbegistanyň Daşary ykdysady işine gatnaşyjylaryň peýdalanmagy üçin tanyşdyryş işleriniň geçirilmegi barada ylalaşyldy.