2025-nji ýylyň 7-nji fewralynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlisi dowam edip we oňa gatnaşyjylara ýüzlenip, mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň başynda welaýatlarda ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanan etraby we etrap hukukly şäheri kesgitlemek maksady bilen, bäsleşigiň yglan edilendigini belledi. Bu barada Türkmenistanyň habarlar portalynyň resmi saýty habar berýär.
Ýakynda ýurdumyzyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylygynda ýörite topar bu bäsleşigiň jemlerini jemledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz hasabat bermek üçin Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy O.Berdiliýewa söz berdi.
Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň welaýatlaryny we Aşgabat şäherini bäsleşikli esasda ösdürmek baradaky asylly ýörelge hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň degişli Buýrugyna laýyklykda, bu topar tarapyndan tassyklanylan tertipde degişli işler alnyp baryldy. Onuň netijeleri boýunça “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçen 2024-nji ýylda ýurdumyzyň iň gowy etraby kesgitlenildi.
Bäsleşigiň netijeleri boýunça durmuş, ykdysady we medeni görkezijiler babatda iň gowy netijeleri gazanan Mary welaýatynyň Sakarçäge etraby onuň ýeňijisi diýlip kesgitlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabyny 2024-nji ýylyň jemleri boýunça geçirilen bäsleşikde ýeňiji bolan etrap diýip yglan etmek we bu etrabyň häkimligini bir million amerikan dollary möçberde pul baýragy bilen sylaglamak hakynda, şeýle hem 2025-nji ýylda etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň arasynda täze bäsleşigi yglan etmek hakyndaky buýruklara gol çekdi.