2025-nji ýylyň 11-nji fewralynda Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary, Türkmenistan Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistan wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagty Tährana iş sapary bilen bardy. Bu barada https://www.mfa.gov.ru/ resmi saýty habar berýär.
Şol gün türkmen delegasiýasy Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher gurluşygy ministriniň orunbasary, Ulag senagaty we ösüş kompaniýasynyň başlygy Huşang Bazwand bilen duşuşdy.
Duşuşykda taraplar hyzmatdaşlygyň oňyn netijesini, şol sanda Eýran kompaniýalarynyň Türkmenistanda amala aşýan ýol gurluşygy taslamalara gatnaşmak babatdaky meselelerine seretdiler.
Taraplar şertnamalary durmuşa geçirmek baradaky öňegidişlige, hususan-da hökümetara ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky bilelikdäki komissiýanyň ahyrky mejlislerinden soň gazanylan üstünliklere syn berdiler.
Ileri tutulýan ugurlar boýunça Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde taraplar özara gyzyklanma bildirdiler.
Soňra Eýran Yslam Respublikasynyň nebit ministri Mohsen Paknejad bilen duşuşyk geçirildi.
Maslahatyň barşynda häzirki meseleler we nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar iki dostlukly ýurduň potensialyny durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynyň Energetika ministri Abbas Aliabadi bilen duşuşdy.
Taraplar geçen ýylda geçirilen gepleşikleriň netijeliligini bellediler we iki ýurduň hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselesine üns çekdiler. Duşuşygyň barşynda elektrik pudagynda hyzmatdaşlyk we suw çeşmelerinden tygşytly peýdalanmak baradaky pikirler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Eýranyň degişli guramalarynyň arasynda utgaşdyrylan işleriň ähmiýeti görkezildi.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Eýran Yslam Respublikasyna iş sapary dowam edýär.