Türkmenistanyň Deňiz we Derýa ulaglary döwlet gullugy 2024-nji ýylyň 23-nji dekabrynda yglan eden "Gudrat" gämisi üçin zerur ätiýaçlyk şaýlaryny we enjamlaryny satyn almak üçin bäsleşige gatnaşmak üçin arzalary tabşyrmagyň möhletiniň 2025-nji ýylyň 28-nji martyna çenli 16:00-a çenli uzaldylýandygyny habar berýär.

Türkmenistanyň Deňiz we Derýa ulaglary döwlet gullugy “Gudrat” çekiji gämi üçin zerur ätiýaçlyk şaýlaryny we enjamlaryny satyn almak üçin açyk görnüşli halkara bäsleşik yglan etdi:

1. Gyzyklanýan adamlar (dalaşgärler) çagyrylýar:

- kompaniýanyň doly adyny, hukuk ýagdaýyny, gatnaşyjynyň hasaba alnan ýurduny, poçta salgysyny, telefon we faks belgilerini, e-poçta salgysyny, rekwizitlerini, gatnaşyjynyň kompaniýasy barada gysgaça maglumat, şol sanda kompaniýanyň soňky 3 ýylda (üç) ýylda maliýe ýagdaýy barada, kompaniýanyň iş tejribesi we işgärleri barada doly maglumatlary görkezmek bilen ýazmaça arza tabşyrmaly;

- 250 (iki ýüz elli) ABŞ dollary möçberdinde (şol sanda GBüS harajatlary) tölegi töläp, tender resminamalarynyň bukjasyny almaly;

- Ýerli kompaniýalar tender tölegini manatda töläp bilerler;

- Arza beriji, 2025-nji ýylyň 20-nji ýanwaryna çenli bildiriş çap edilen gününden ýerli wagt bilen 16: 00-dan gijä galman, bäsleşige gatnaşmak üçin ýüz tutulmalydyr;

- Bäsleşik üçin teklipler 2025-nji ýylyň 20-nji fewralyna çenli tabşyrylmaly.

2. Ähli zerur resminamalar möhürlenen konwertiň ýokarky burçunda taslamanyň ady görkezilen şekilde we aşakda görkezilen salga iberilen bolmaly:

745000 Türkmenistan, Balkan şaýoly, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 “A”

Türkmenistanyň Deňiz we Derýa ulaglary döwlet gullugy, soraglar üçin telefon belgileri: (+993 65 54 44 51) (+993 243) 6 07 82, 4 95 51, faks 6 07 46, 6 07 44

Türkmenistanyň Deňiz we Derýa ulaglary döwlet gullugy bu resminamalara gatnaşmak, taýýarlamak we tamamlamak üçin ýüz tutanlaryň sarp eden  çykdaýjylary üçin jogapkärçilik çekmeýär.

Bäsleşikler
26 Sen 2025
The State Service of Maritime and River Transportation of Turkmenistan has extended the bidding deadline for the design, supply, and management of the construction of two Ro-Ro rail wagon carriers and one dry cargo vessel until 4 November.
06 Sen 2025
Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy “Jahan” tirkeg gämisini düýpli abatlamak boýunça bäsleşik yglan edýär
06 Sen 2025
Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy ätiýaçlyk şaýlary we enjamlary satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär
04 Iýl 2025
Türkmenistanyň Deňiz we Derýa ulaglary döwlet gullugy “Ro-Ro” görnüşli iki sany demir ýol parom gämilerini taslamalaşdyrmak, üpjün etmek we gurluşygyny dolandyrmak barada bäsleşik yglan edýär.
14 Apr 2025
«Deňiz söwda floty» ÝGPJ bäsleşik yglan edýär:
15 Ýan 2025
Türkmenistanyň Deňiz we Derýa ulaglary döwlet gullugy “Jahan” tirkeg gämisini düýpli abatlamak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär
24 Dek 2024
Государственная служба морского и речного транспорта Туркменистана объявляет Международный открытый тендер по закупке необходимых запчастей и оборудований для буксировочного судно «Гудрат»
30 Okt 2024
Дополнение № 1 к запросу предложений №: RFP-01/2024
05 Awg 2024
“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi “Ro-Ro” görnüşli iki sany demir ýol parom gämilerini taslamalaşdyrmak, üpjün etmek we gurluşygyny dolandyrmak barada bäsleşik yglan edýär.