Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy ätiýaçlyk şaýlary we enjamlary satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär

Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy “Gudrat” tirkeg gämisi üçin gerekli ätiýaçlyk şaýlaryny we enjamlaryny satyn almak boýunça açyk görnüşli halkara bäsleşik yglan edýär

Basleşige gatnaşmak üçin:

  1. kompaniýanyň doly adyny, hukuk ýagdaýyny, gatnaşyjynyň hasaba alnan ýurduny, poçta salgysyny, telefon we faks belgilerini, e-poçta salgysyny, rekwizitlerini, gatnaşyjynyň kompaniýasy barada gysgaça maglumat, şol sanda kompaniýanyň soňky 3 ýylda (üç) ýylda maliýe ýagdaýy barada, kompaniýanyň iş tejribesi we işgärleri barada görkezmek bilen ýazmaça arza bermeli;
  2. 250 (iki ýüz elli) ABŞ dollary möçberde (şol sanda GBüS harajatlary) tölegi tölemeli we tender resminamalarynyň bukjasyny almaly. Ýerli kompaniýalar tender tölegini manatda töläp bilerler

Bäsleşige gatnaşmak üçin arzalar 2025-nji ýylyň 10-njy oktýabryna ýerli wagt bilen 16.00 çenli kabul edilýär.

Bäsleşik teklipleri 2025-nji ýylyň 10-njy noýabryna çenli kabul edilýär.

Bäsleşige degişli resminamalar, bukjanyň ýokarky burçunda taslamanyň ady ýazylan ýapyk bukjada bolmaly we aşakdaky salga iberilmeli.

Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy arza berijiniň bäsleşige gatnaşmak üçin taýýarlan resminamalaryna çykaran çykdajylary üçin jogapkärçilik çekmeýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi:

+993 (243) 6 07 46

+993 (243) 6 07 42

+993 65 54-44-51

Faks:

+993 (243) 6-07-44

 Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Şagadam köçesiniň 8-nji “А” jaýy

Bäsleşikler
06 Sen 2025
Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy “Jahan” tirkeg gämisini düýpli abatlamak boýunça bäsleşik yglan edýär
04 Iýl 2025
Türkmenistanyň Deňiz we Derýa ulaglary döwlet gullugy “Ro-Ro” görnüşli iki sany demir ýol parom gämilerini taslamalaşdyrmak, üpjün etmek we gurluşygyny dolandyrmak barada bäsleşik yglan edýär.
14 Apr 2025
«Deňiz söwda floty» ÝGPJ bäsleşik yglan edýär:
17 Few 2025
Türkmenistanyň Deňiz we Derýa ulaglary döwlet gullugy 2024-nji ýylyň 23-nji dekabrynda yglan eden "Gudrat" gämisi üçin zerur ätiýaçlyk şaýlaryny we enjamlaryny satyn almak üçin bäsleşige gatnaşmak üçin arzalary tabşyrmagyň möhletiniň 2025-nji ýylyň 28-nji martyna çenli 16:00-a çenli uzaldylýandygyny habar berýär.
15 Ýan 2025
Türkmenistanyň Deňiz we Derýa ulaglary döwlet gullugy “Jahan” tirkeg gämisini düýpli abatlamak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär
24 Dek 2024
Государственная служба морского и речного транспорта Туркменистана объявляет Международный открытый тендер по закупке необходимых запчастей и оборудований для буксировочного судно «Гудрат»
30 Okt 2024
Дополнение № 1 к запросу предложений №: RFP-01/2024
05 Awg 2024
“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi “Ro-Ro” görnüşli iki sany demir ýol parom gämilerini taslamalaşdyrmak, üpjün etmek we gurluşygyny dolandyrmak barada bäsleşik yglan edýär.