“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginde işgärleriň arasynda “Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk esaslary” boýunça okuw-seminar geçirildi

“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň mejlisler zalynda işgärleriň arasynda sanly ulgam boýunça bilimlerini ösdürmek maksady bilen, “Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk esaslary” atly okuw-seminary geçirildi. Okuwyň dowamynda sanly ulgam boýunça ýurdumyzda kabul edilen kanunlar, maksatnamalar, meýilnamalar hem-de edarada gurnalan sanly maglumat ulgamlaryny ulanmagyň düzgünleri, maglumat we kiberhowpsuzlygy amala aşyrmagyň düzgünleri barada aýdylyp geçildi.

Okuw sapagynyň dowamynda işgärler bilen sorag-jogaplary alyşylyp, gyzykly gürrüňdeşlikler geçilirip, Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli durmuş ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň mundan beýläk hem rowaç bolmagyny arzuw edip okuw sapagy jemlendi.