2022-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň “Beýik Ýüpek ýoly” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda «Hünärim bar hormatym bar» ady bilen maslahat hem-de tegelek stolyň başynda söhbetdeşlik çäresi geçirildi. Oňa agentligiň garamagyndaky edara-kärhanalarynyň ýaş hünärmenleri, Türkmenbaşy şäherindäki deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlary hem-de “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň gämi gurluşyk we abatlaýyş toplumynyň halypa-şägirtleri gatnaşdylar.
Çäräniň esasy maksady hormatly Prezidentimiziň ýaşlar barada edýän aladalaryny durmuşa geçirmek, ýaş hünärmenleri zähmete ugrukdyrmak, hünär öwrenmek, zähmete söýgi döretmek, halypa-şägirtlik ýoluny ösdürmek we dowam etdirmek, halal arassa zähmet çekmek baradaky çykyşlardan ybarat boldy.
Çärä gatnaşan ýaşlar hormatly Prezidentimiziň ýaşlar barada edýän aladasyna özleriniň çäksiz alkyşlaryny aýtdylar.