Gruziýanyň Türkmenistandaky ilçisi Konstantin Sabiaşwili Hazar deňziniň Türkmen kenaryndaky deňiz portunyň infrastrukturasy we mümkinçilikleri bilen tanyşmak üçin Türkmenbaşy halkara deňiz portuna geldi.
Saparyň dowamynda Ilçi "Türkmendenizderýaýollary" agentliginiň ýolbaşçylary bilen duşuşdy we deňiz portunyň ýerine ýetirýän işleriniň aýratynlyklary bilen tanyşdy.
Taraplar şu ýylyň awgust aýynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi bilen Gruziýanyň Deňiz Ulag agentliginiň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekilmeginiň ähmiýetini belläp geçdiler.
Hazar deňiz – Gara deňiz Halkara üstaşyr geçelgesini ösdürmek we ýakyn wagtda bu mesele boýunça Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Rumyniýanyň wekilleriniň arasynda gurnaljak duşuşyk barada meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem, saparyň dowamynda "Türkmendenizderýaýollary" agentliginiň hünärmenleriniň hünär derejelerini ýokarlandyrmak maksady bilen, Gruziýanyň uniwersitetlerinde okatmak mümkinçiligine seretmek meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy. Gruzin tarapy bu ugurda hyzmatdaşlyk etmekligi goldady we Türkmen tarapynyň bu teklibi boýunça degişli çäreleri görjekdigi barada ylalaşdy.