Aşgabatda TSTB-niň 17 ýyllygy mynasybetli sergi açyldy

17-nji martda Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) 17 ýyllygy mynasybetli sergi açyldy. Serginiň çäklerinde “Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar” atly halkara forumy hem geçirilýär.

Şu mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çärä gatnaşyjylara gutlag hatyny iberdi. “Ýurdumyzyň hususy pudagyny ösdürmek milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şu gün öz işine başlaýan giň gerimli çäreler hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň döwlet goldawyndan netijeli peýdalanyp, berkarar Watanymyzyň ykdysadyýetiniň hereketlendiriji güýjüne öwrülendigine şaýatlyk edýär” diýlip, hatda bellenilýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Sergide azyk, ýeňil senagaty, gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi, dokma, elektronika, mebel, söwda, bilim, mahabat we çaphana ulgamlarynda hödürlenilýän önümler hyzmatlar görkezilýär.

Sergi we halkara forum 19-njy marta çenli dowam eder.