Täze ýyla bagyşlanan çäre

2022-nji ýylyň 17-ni dekabrynda Täze ýyl baýramy mynasybetli “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň “Çarlak” myhmanhanasynyň uly zalynda Agentligiň hem-de Türkmenistanyň Kärdeş arkalaşyklarynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher birleşmesiniň, Türkmenbaşy şäher Medeniýet bölüminiň bilelikde gurnamaklarynda aýdym-sazly çäre geçirildi.

 “Ýyllar rowaç Siziň bilen Arkadagly Serdarymyz” ady bilen geçirilen dabaraly çärä agentligiň garamagyndaky edara-kärhanalaryň, şäher medeniýet bölüminiň işgärleri we talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Çykyş edenler bu ýere ýygnananlary Täze ýyl baýramy bilen gutlap, hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň,ulag ulgamynyň bedew batly ösüşlerini, 2022-nji ýylda ähli ulgamlar boýunça gazanylan üstünikler barada buýsanç bilen belläp geçdiler.

Soňra şäher medeniýet bölüminiň aýdymçylarynyň, Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazly çykyşlara giň orun berildi.

Çärä gatnaşanlara Türkmenistanyň Kärdeş arkalaşyklarynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher birleşmesi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy şäher  Geňeşi tarapyndan Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy.

Çäraniň dowamynda eziz Watanymyzy, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Serdarymyzy wasp edýän aýdymlar Täze ýyl baýramynyň şowhunyny has-da artdyrdy.