Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň döwlet Baştutany bilen duşuşdy

2025-nji ýylyň 3-nji aprelinde Samarkant şäherine iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Gepleşikler “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi” birinji sammitiň çäklerinde geçirildi diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Taraplar oba hojalygy, elektroenergetika, nebitgaz pudagy we himiýa senagaty ýaly ulgamlarda işjeň ösdürilýän ikitarplaýyn gatnaşyklarda ynanyşmagyň we özara goldawyň ýokary derejesini bellediler.

Ulag we energetika geçelgelerini döretmek, sebitara hyzmatdaşlygyny berkitmek hem-de Merkezi Aziýada durnukly ösüşi we abadançylygy üpjün etmek boýunça bilelikde tagalla etmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanlary şu gezekki sammitiň Merkezi Aziýa we Ýewropa Bileleşigi ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirdiler.