2025-nji ýylyň 9-njy aprelinde Ženewa amala aşyrylan saparyň çäginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Hojamyrat Geldimyradow Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) Baş direktory Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BSG-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini, şol sanda Türkmenistanyň bu gurama goşulmagy bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
BSG-nyň Baş direktory Türkmenistanyň durmuşa geçirýän tagallalaryna we BSG-e goşulmak bilen baglanyşykly meselelerde görkezilen ussatlyga ýokary baha berdi. Okonjo-Iweala Türkmenistanyň ýolbaşçylygyna – Prezident Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa bu ugurdaky strategiki goldawlary üçin aýratyn minnetdarlygyny bildirdi.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň köptaraplaýyn söwda ulgamyna goşulyşmagy ugrundaky ädimleriniň çäginde hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga taýýarlyk tassyklandy.