Türkmenistan täze multimodal ulag geçelgesiniň döredilmegine gatnaşar.

2023-nji ýylyň 16-17-nji ýanwarynda “Türkmendenizderyayollary” agentliginiň wekilleri Türkmenbaşy porty bilen Russiýanyň Hazar deňzindäki portlarynyň arasynda yzygiderli gämi gatnawyny guramak meselesini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherine iş saparyny amala aşyrdylar.

Geçirilen gepleşikleriň dowamynda türkmen tarapy bu ugurda hyzmatdaşlyk etmeklige uly gyzyklanma bildirip, Astrahan-Türkmenbaşy ugry boýunça ýük gatnawyny artdyrmak üçin, ýük daşaýan kompaniýalary çekmäge taýýardygyny, şeýle hem, Türkmenbaşy portunda ýerine ýetirilýän hyzmatlar üçin, ýeňillikli şertleriň döretmeklige taýýardyklary barada mälim etdiler.

Şeyle hem, dört döwletiň ýagny, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň wekilleriniň gatnaşmagynda multimodal ulag geçelgesini döredilmegi boýunça gepleşikler geçirildi. Gepleşikleriň barşynda Taraplar Hazar deňzinde yzygiderli gämi gatnawyny guramak bilen bagly guramaçylyk meselelerine garadylar.

Täze ulag geçelgesiniň "gury" bölegi Gyrgyzystandan başlap, Özbegistanyň, Türkmenistanyň çäklerinden geçer we Türkmenbaşy Halkara deňiz porty arkaly Russiýa baryp ýeter. Soňra ýükler Russiýanyň portlarynyň üsti bilen paýlanar.