Türkmenistan we Azerbaýjan e-CMR teswirnamasyna goşuldylar

e-CMR, daşalýan harytlary, ulag kompaniýalary we ýük alyjy taraplar barada maglumatlary özünde saklaýan elektron ulag resminamasy bolup durýar.

e-CMR-iň ulanylmagy, Türkmenistana bilen Azerbaýjana üýtgäp durýan ulag geçelgeleri boýunça harytlaryň we üstaşyr ýükleriň ösýän möçberlerini has netijeli dolandyrmaga ýardam eder.Mundan başga-da, e-CMR ýükleriň işlenilmegi boýunça edilýän harajatlary azaldar, töleg bilen bagly bolan taýýarlanmagynda ýüze çykýan guramaçylyk bökdençlikleri aradan aýyrar.Şeýle hem, teswirnama, ýüküň eltilendigi we alnandygy baradaky maglumatlary hakyky wagt tertibinde almaklyga mümkinçilik bermek bilen, ýükleriň daşalmagyny utgaşdyrmak üçin has takyk maglumatlary berip, ähli logistika ulgamynyň aýdyňlygyny we howpsuzlygynyýokarlandyrýar.e-CMR-iň sanly resminama bolup durýandygy sebäpli, ulag kompaniýalary ony gümrük resmileşdirmesi we ulaglary dolandyrmak ýaly beýleki hyzmatlar bilen utgaşdyryp bilerler.