2025-nji ýylyň 23-nji aprelinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sapar bilen Gyrgyzystana bardy. Bu barada TDH gullugy habar berdi.
Türkmen halkynyň Milli Liderini «Yssyk-Köl» Halkara howa menzilinde ýurduň Prezidenti Sadyr Žaparow mähirli garşylady.
Iki ýurduň döwlet baýdaklary bilen bezelen howa menzilinde belent mertebeli myhmanyň hormatyna Hormat garawuly nyzama düzüldi.
Habarda bellenilişi ýaly, saparyň çäginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Gyrgyzystanyň Prezidentiniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçiriler.
Mundan başga-da, saparyň dowamynda birnäçe medeni we işewürlik çäreleri göz öňünde tutulýar.
Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy 21-22-nji aprelde Gazagystanda saparda bolup, Prezident Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy. Şeýle-de birnäçe medeni-jemgyýetçilik çärelerrine gatnaşdy.