«Türkmendeňizderýaýollary» agentligi hyzmatdaşlygy giňeldýär

2023-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň edara binasynda Birleşen Arap Emirlikleriniň “Dragon Oil” kompaniýasynyň wekilleri bilen «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň wekilleriniň arasynda göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Geçirilen duşuşygyň dowamynda deňiz ulag ulgamynda “Dragon Oil” kompaniýasy bilen eýýäm ençeme ýyllaryň dowamynda ýakyndan hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygy bellenilip geçilip, hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem giňeltmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şunuň bilen baglylykda, Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň deňiz ulag ulgamyny, milli deňiz söwda flotuny ösdürmeklige gönükdirilen iri taslamalar, öňde goýlan wezipeler, gurulmagy meýilleşdirilýän gämiler barada tanyşdyryldy.  

 “Dragon Oil” kompaniýasy tarapyndan ýurdumyzyň çäginde alnyp barylýan işleriniň deňiz ulaglarynyň hyzmatyndan giňden peýdalanýandygyny aýratyn bellemek bilen, şeýle-de Türkmenistanyň milli flotuny ösdürmeklige gönükdirilen taslamalaryň ýurdumyzyň ulag ulgamyny ösdürmeklige, ulag-üstaşyr logistika babatda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekde wajyp orunlary eýelejekdigini göz öňünde tutup, gämi gurluşyk boýunça maýa goýumlaryny goýmaklyk barada kompaniýa teklip edildi.

 Duşuşygyň ahyrynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirilýändiklerini hem-de geljekde agzalan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy üçin degişli işleriň geçiriljekdigi barada nygtap geçdiler.

Habarlar
30 Noý 2023
«Astrakhan Porty» täze gämi gatnaw kompaniýany döretdi
29 Noý 2023
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň «Deňizçi» futzal topary dördünji gezek ýurdumyzyň Naýbaşy ligasynyň ýeňijisi boldy
26 Noý 2023
Aşgabatda Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli halkara forum geçirildi
25 Noý 2023
"Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Astrahan we Mahaçkala portlaryndan Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň üsti bilen däne önümlerini multimodal görnüşde daşamak üçin nyrhlary hödürleýär.
25 Noý 2023
"Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Russiýanyň Astrahan we Mahaçkala portlaryndan Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen geçirilýän konteýner ýükleri üçin täzelenen nyrhnamalary hödürleýär
23 Noý 2023
Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň başlygy Londonda geçirilen maýa goýum forumynda çykyş etdi
21 Noý 2023
“Turkmendenizderyayollary” administrasiýasynyň hünärmenleri Aktau teswirnamasynyň çäginde “Hazar deňzi ALPHA / BRAVO” atly bäşinji türgenleşige gatnaşdylar
02 Noý 2023
Aşgabatda “Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy” 16-njy hyzmatdaşlyk Forumynyň çäklerinde “Ulag we logistika” atly 1-nji mejlisi geçirildi
01 Noý 2023
Translogistika Uzbekistan 2023
26 Okt 2023
“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň Daşary ykdysady gatnaşyklar we logistika bölümi okuw seminaryny geçirdi