Türkmen-Koreý hyzmatdaşlygy ösdürilýär

 Koreýa Respublikasynyň Deňiz enjamlaryny öwreniş ylmy-barlag instituty (KOMERI) bilen “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň arasynda gol çekilen Ähtnamanyň çäklerinde, Koreý tarapynyň çagyrmasy esasynda, 2023-nji ýylyň 15-24-nji ýanwary aralygynda «Türkmendeňizderýaýollary»  agentligiň wekilleri Koreýa Respublikasynyň Busan şäherine iş saparyny amala aşyrdylar.

 Iş saparynyň dowamynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda gämi gurluşygy pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak bilen baglanşykly birnäçe çärelere gatnaşyldy.

 Saparyň çäklerinde Koreýa Respublikasynyň Deňiz enjamlaryny öwreniş ylmy-barlag institutynyň (KOMERI) wekilleri bilen duşuşyk geçirilip, duşuşykda gämi gurluşygy pudagynda hyzmatdaşlyk etmegiň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem, saparyň çäklerinde Deňiz enjamlaryny öwreniş ylmy-barlag institutynyň (KOMERI) sebit merkezlerine sapar guraldy. Ol ýerde  deňiz enjamlarynyň hili, olaryň dürli şertlere çydamlylygy barlagdan geçirilişi bilen tanyşdyryldy.

Şeýle-de, türkmen wekiliýeti DSME (Daewoo Shipbuilding & Marine Engineering) gämi gurluşyk zawodynda gämi gurluşygynyň alnyp barylyşy bilen ýerinde tanyşdyryldy. DSME gämi gurluşyk zawody Koreýa Respublikasynyň iň iri gämi gurluşyk zawodlarynyň biri bolup, ol ýerde dürli görnüşdäki we göwrümdäki gämiler gurulýar. DSME gämi gurluşyk zawody 1973-nji ýylda esaslandyrylyp, zawodda dürli görnüşli gämiler, gury ýük gämileri, paromlar, konteýner daşaýan gämiler, tankerler gurulýar. Zawodda gämiler gurulanda olaryň her bölekleri aýratynlykda gurulyp, oturdylmaly enjamlar ýerleşdirilenden soňra bölekler birleşdirilýär we gämi emele getirilýär. Bu tejribe Koreýa Respublikasynda döredilip, häzirki wagtda dünýäde gämi gurluşyk pudagynda giňden ulanylýar.           

 Iş saparynyň barşynda türkmen wekiliýeti tarapyndan “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody barada tanyşlyk geçildi.

 Koreýa iş saparynyň çäklerinde “Movena” maslahat beriş kompaniýasynyň wekilleri bilen hem duşuşyk geçirildi. Duşuşykda  “Movena” maslahat beriş kompaniýasynyň wekilleri “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody barada bar bolan maglumatlary içgin seljerendiklerini we zawodda gämi gurluşygyny ýola goýmakda we gämi gurluşygyny dolandyrmakda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny habar berdiler.         

Iş saparynyň jemleri boýunça taraplar Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda gämi gurluşygynda hünärmenleri taýýarlamakda, zawodyňönümçiligini kämilleşdirmekde hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ygrardyklaryny yene bir gezek tassykladylar.

Habarlar
30 Noý 2023
«Astrakhan Porty» täze gämi gatnaw kompaniýany döretdi
29 Noý 2023
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň «Deňizçi» futzal topary dördünji gezek ýurdumyzyň Naýbaşy ligasynyň ýeňijisi boldy
26 Noý 2023
Aşgabatda Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli halkara forum geçirildi
25 Noý 2023
"Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Astrahan we Mahaçkala portlaryndan Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň üsti bilen däne önümlerini multimodal görnüşde daşamak üçin nyrhlary hödürleýär.
25 Noý 2023
"Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Russiýanyň Astrahan we Mahaçkala portlaryndan Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen geçirilýän konteýner ýükleri üçin täzelenen nyrhnamalary hödürleýär
23 Noý 2023
Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň başlygy Londonda geçirilen maýa goýum forumynda çykyş etdi
21 Noý 2023
“Turkmendenizderyayollary” administrasiýasynyň hünärmenleri Aktau teswirnamasynyň çäginde “Hazar deňzi ALPHA / BRAVO” atly bäşinji türgenleşige gatnaşdylar
02 Noý 2023
Aşgabatda “Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy” 16-njy hyzmatdaşlyk Forumynyň çäklerinde “Ulag we logistika” atly 1-nji mejlisi geçirildi
01 Noý 2023
Translogistika Uzbekistan 2023
26 Okt 2023
“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň Daşary ykdysady gatnaşyklar we logistika bölümi okuw seminaryny geçirdi