Türkmenistanyň prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi

2025-nji ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Bu barada TDH habar berdi.

Bellenilişi ýaly, mejlisiň gün tertibine ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurtda howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Mejlisde ilki Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berildi. Ol ýurduň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça ýylyň başyndan bäri görlen çäreler barada hasabat berdi. Hasabatda Watan goragçylarynyň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, serkerdeleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, ýaş hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen alnyp barylýan işler barada hem aýdyldy.

B.Gündogdyýew çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary gullukdan boşatmagyň we harby gulluga nobatdaky çagyrylyşyň barşy barada-da hasabat berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, goranyş häsiýetli Harby doktrinany durmuşa geçirýän Türkmenistanyň goranmak ukybyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak we kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi. Şeýle-de Ýeňiş güni mynasybetli geçiriljek çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesine ünsi çekip, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri, ozal berlen tabşyryklaryň, degişli maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi, düzümleriň işini kämilleşdirmek, olara sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabatlary berdiler.

Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, ýurtda howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmek, harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow mejlisiň barşynda «Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda» Karara gol çekdi.

Döwlet Baştutany ýurduň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirilýändigini we bu ugurdaky işleriň mundan beýläk hem dowam etdiriljekdigini belledi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.