Täsirli geçen bäsleşik

2023-nji ýylyň 9-njy fewralynda Halkara zenanlar güni mynasybetli     Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky  Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň bilelikde guramaklarynda  “Türkmendeňizderýaýollary” agentligine we onuň garamagyndaky edara-kärhanalarda zähmet çekýän gelin-gyzlaryň arasynda “Çarlak” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda bäsleşik geçirildi.  

Bäsleşik 5 şertden ybarat bolup, deňiz derýa ulgamynda dürli ugurlarda zähmet çekýän gelin-gyzlarymyz öz hünärine bolan söýgüsini beýan etmek bilen bäsleşdiler.

Gelin-gyzlar özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezip, biri-birinden öňe saýlanmagy başardylar. Bäsleşikde 3-nji orna “Çarlak” myhmanhanasynyň Myhmanlary kabul ediş bölüminiň administratory Mähri  Esadowa,  2-nji orna Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň elektrik energiýasy bilen üpjün ediji bölüminiň hünärmeni Hesel Berdiýewa, 1-nji orna Türkmenbaşy şäherindäki deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Ýalkym Meretgylyjowa daglary mynasyp boldular. Bäsleşigiň ýeňijilerine Hormat haty hem-de gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.