Türkmen-eýran hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklandy

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy. TDH-niň habar berşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 14-nji maýda degişli Karara gol çekdi.

Resminama Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen kabul edildi.