“Türkmenhimiýa” we “Daewoo” Türkmenabadyň dökün zawodyny gurmak hakynda şertnama baglaşdylar

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni Türkmenabatdaky himiýa zawodynyň düzüminde mineral dökünleri öndürýän toplumyň taslamasyny düzmek we doly taýýar edip gurmak hakynda Koreýa Respublikasynyň «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasy bilen şertnama gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty ýekşenbe güni habar berdi.

Täze kärhana fosfat dökünlerini we ammoniý sulfatyny öndürmäge ýöriteleşer. Onuň gurluşygyny 2029-njy ýylda tamamlamak bellenildi. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň senagat we oba hojalyk düzümleriniň ösmegine uly goşant bolar.

Bu şertnama Türkmenistanyň durnukly ösüş we ýokary tehnologiýaly gurluşyklar ulgamynda iri daşary ýurt maýadarlary hem-de üpjün edijileri bilen hyzmatdaşlyga açyk syýasaty alyp barýandygyny görkezýär.

“Daewoo E&C” Koreýa Respublikasynyň iri inžener-gurluşyk kompaniýalarynyň biridir. Ol 2023-nji ýylyň oktýabrynda Aşgabatda şahamçasyny açmak bilen türkmen bazarynda eýeleýän ornuny berkitdi.