2025-nji ýylyň 24-nji maýynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasy Seul şäheriniň häkimliginiň guramagynda geçirilen Seul dostluk festiwalyna gatnaşdy. Bu barada DIM-iň resmi saýty habar berýär.
Ilçihana tarapyndan ýaýbaňlandyrylan sergi pawilýonynda türkmen halkynyň gadymy taryhyny we baý özboluşly medeniýetini şöhlelendirýän amaly-haşam sungatynyň nusgalary we milli egin-eşikler, Türkmenistana bagyşlanan kitaplar we žurnallar, şeýle hem türkmen suratkeşleriniň eserleri görkezildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýazan kitaplary sergi diwarlygynda aýratyn orna mynasyp boldy we festiwala gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.
Şeýle-de Seul dostluk festiwalynyň dowamynda oňa gatnaşanlar Ilçihana tarapyndan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan oňyn we parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty we diplomatiýasy, durmuş-ykdysady ulgamynda gazanan üstünlikleri hem-de medeni-ynsanperwer ugry boýunça amala aşyrýan netijeli syýasaty, şeýle hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çäreler bilen tanyş edildi.