2025-nji ýylyň 27-nji maýynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021–2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça Ýolbaşçy komitetiň utgaşykly görnüşdäki mejlisi geçirildi.Bu barada DIM-iň resmi saýty habar berýär.
Mejlise Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçy düzümi we işgärleri, ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň düzüm birlikleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
Şu gezekki duşuşygyň gün tertibine häzirki wagtda hereket edýän Çarçuwaly maksatnamanyň ýerine ýetirilişine syn bermek, 2026–2030-njy ýyllar üçin Çarçuwaly maksatnamanyň indiki tapgyryna garamak, şeýle hem 2026–2030-njy ýyllar üçin BMGÖM-niň, ÝUNISEF-iň hem-de UNFPA-nyň Ýurt boýunça maksatnamalaryny tassyklamak ýaly meseleler girizildi.
Mejlisde Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda ýola goýulan köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi bellenildi, diňe umumy tagallalar arkaly durnukly ösüşi üpjün etmek işinde häzirki döwriň talaplaryna hem-de hyzmatdaşlygyň uzakmöhletleýin bähbitlerine kybap gelýän oňat netijelere ýetmegiň mümkindigine ynam bildirildi. Şunuň bilen baglylykda, orta we uzak möhletleýin meýilnamalaryň hem-de maksatnamalaryň binýadynda bilelikdäki ulgamlaýyn işiň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.