Gämi gurluşyk pudagynyň ösdürilmegi

2023-nji ýylyň 22-23-nji fewraly «Baku» gämi gurluşyk zawodynyň ýolbaşçylary Türkmenbaşy şäherine iş saparyny amala aşyrdylar.  Saparyň dowamynda taraplar gämi gurluşygy pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek we tejribe alyşmak üçin mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň gämi gurluşyk zawodlarynyň arasynda gämi gurluşyk babatda hyzmatdaşlygy ýola goýmak meselesi Hökümetara toparyň geçen mejlisiniň Teswirnamasynda göz öňünde tutulan.

«Baku» gämi gurluşyk zawodynyň esasy işi kömekçi gämiler, umumy ýük gämileri, tirkeg gämileri, kran gämileri, ýöriteleşdirilen gämiler we ýolagçy gämileri we tankerler ýaly dürli gämileriň gurluşygyndan ybaratdyr. Gämi abatlanylýan kärhana gämi abatlamak we gämileri gaýtadan işlemek bilen hem meşgullanýar.

Azerbaýjan wekilýeti«Balkan» gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawodynyň mümkinçilikleri we kuwwatlylygy, gurluşy we ýerine ýetirýän işi bilen ýakyndan tanyşdylar. Soňra myhmanlar zawodyň önümçilik ýerlerine baryp, zawodyň desgalary, tehnikalar we enjamlary bilen ýerinde tanyş boldular we ýakyn wagtda «Balkan» zawodynda sargytlaryny ýerleşdirmäge gyzyklanma bildirdiler. Saparyň ahyrynda «Balkan» gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawody bilen gämi gurluşygy pudagynda hyzmatdaşlygy ýola goýmaga taýýardygyny ýene-de bir gezek belläp, ýakyn wagtda hyzmatdaşlyk tekliplerini iberjekdiklerini aýtdylar.

Habarlar
30 Noý 2023
«Astrakhan Porty» täze gämi gatnaw kompaniýany döretdi
29 Noý 2023
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň «Deňizçi» futzal topary dördünji gezek ýurdumyzyň Naýbaşy ligasynyň ýeňijisi boldy
26 Noý 2023
Aşgabatda Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli halkara forum geçirildi
25 Noý 2023
"Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Astrahan we Mahaçkala portlaryndan Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň üsti bilen däne önümlerini multimodal görnüşde daşamak üçin nyrhlary hödürleýär.
25 Noý 2023
"Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Russiýanyň Astrahan we Mahaçkala portlaryndan Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen geçirilýän konteýner ýükleri üçin täzelenen nyrhnamalary hödürleýär
23 Noý 2023
Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň başlygy Londonda geçirilen maýa goýum forumynda çykyş etdi
21 Noý 2023
“Turkmendenizderyayollary” administrasiýasynyň hünärmenleri Aktau teswirnamasynyň çäginde “Hazar deňzi ALPHA / BRAVO” atly bäşinji türgenleşige gatnaşdylar
02 Noý 2023
Aşgabatda “Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy” 16-njy hyzmatdaşlyk Forumynyň çäklerinde “Ulag we logistika” atly 1-nji mejlisi geçirildi
01 Noý 2023
Translogistika Uzbekistan 2023
26 Okt 2023
“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň Daşary ykdysady gatnaşyklar we logistika bölümi okuw seminaryny geçirdi