Prezident Serdar Berdimuhamedow “MA-Italiýa” sammitine gatnaşmak üçin Gazagystana bardy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa – Italiýa” formatynda taryhda birinji gezek geçirilýän sammite gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş sapary bilen bardy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Astana şäheriniň Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň döwlet Baştutanyny Gazagystanyň Premýer-ministri Olžas Bektenow hem-de ýokary derejeli ýolbaşçylar, türkmen wekiliýetiniň agzalary garşyladylar.

Türkmenistanyň bu sammite işjeň gatnaşmagy türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan binýady goýlan we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan ýurduň daşary syýasatyna ygrarlydygynyň aýdyň beýanydyr.

Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasy dünýäniň ähli gyzyklanma bildirýän ýurtlary bilen giň we köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir. Türkmenistanyň ýokary derejedäki bu duşuşyga gatnaşmagy munuň şeýledigini aýdyň tassyklaýar.

Sammit sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, medeni gatnaşyklary berkitmäge we ählumumy möçberde özara ynanyşmagy ilerletmäge ýardam etmek üçin täze meýdançany hödürleýär. Ol iş ýüzündäki hyzmatdaşlygy giňeltmek we gatnaşyjy ýurtlaryň umumy bähbitlerini ilerletmek üçin netijeli gural hökmünde görülýär.