Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni Aşgabat şäherinde Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanyp geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Şeýle hem köpçülikleýin welosipedli ýörişe Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şäher häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurtdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň welosport boýunça ýygyndy toparynyň türgenleri, talyplar, jemgyýetçilik wekilleri gatnaşdylar.
Welosipedli ýörişiň dowamynda Türkmenistanyň döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Taňryguly Atahallyýewe, ýurtda ekologiýa ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmak maksady bilen, uzak möhletleýin wezipeleri öz içine alýan Milli tokaý maksatnamasynyň durmuşa geçirilişini hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.
Ýolugra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Aşgabat şäherine gözegçilik edýän orunbasary Baýmyrat Annamämmedow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Aşgabat şäherini mundan beýläk-de ösdürmek hem-de abadanlaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň döwlet Baştutany Aşgabady ösdürmegiň konsepsiýasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň möhüm ähmiýetine ünsi çekip, şäher infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, paýtagtda ekologik abadançylygy üpjün etmek, şäher ýaşaýjylary üçin amatly ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmek boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Türkmenistanyň başlangyjy bilen, 3-nji iýun “Bütindünýä welosiped güni” diýlip yglan edildi we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde “Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edildi.