Türkmenistan Russiýada geçiriljek Halkara ykdysady forumyna gatnaşar

2025-nji ýylyň 17-21-nji iýunynda Russiýada geçiriljek Halkara ykdysady forumyna Türkmenistan gatnaşar.Türkmenistanyň wekiliýetine premýer-ministriň orunbasary N.Ataguliýew ýolbaşçylyk eder.

Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumy (SPIEF) her ýyl geçirilýän çäredir. Bu ýyl agrosenagat platformalary we döredijilikli senagat forumy ýaly täze mümkinçilikler hem forumyň çäginde bolar.

“SPIEF 2025” -de Russiýa-ABŞ işewür gepleşikleri “ykdysadyýet barada pragmatiki söhbetdeşlik” hem bolar, diýlip newscentralasia.net resmi saýtynda habar berilýär.