2025-nji ýylyň 17-njy iýunynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň wekilleri bilen Päkistan Yslam Respublikasynyň Gwadar hem-de Karaçi portlarynyň wekilleriniň arasynda porty dolandyrmak we işletmek boýunça tejribe alyşmak babatynda hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin wideoaragatnaşyk arkaly gepleşik geçirildi.
Gepleşigiň barşynda Gwadar hem-de Karaçi portlarynyň wekilleri özara hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak, mundan beýläk hem dostlukly-doganlykly gatnaşyklary dowam etmek bilen bir hatarda häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda porty dolandyrmak we işletmek babatda tejribelerini paýlaşdylar.
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň wekilleri hem öz gezeginde alnyp barylýan işler barada gürrüň berip, ýükleme-düşürme işleriniň alnyp barylyşy, dürli ýükleriň import, eksport we üstaşyr ugurlary, müşderiler üçin döredilýän oňaýly şertler we portyň halkara ülňülerine laýyk gelýän mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdylar.
Gepleşigiň dowamynda taraplar Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen Gwadar portunyň arasynda ÖZARA DÜŞÜNIŞMEK HAKYNDA ÄHTNAMA gol çekişmäge taýýardyklary barada mälim etdiler.
Netije-de, taraplar paýlaşan ikitaraplaýyn bähbitli tejribeleri üçin minnetdarlyk bildirip, şeýle duşuşyklaryň ýene-de gurnalyp durmaklygyna isleg bildirdiler.