SATYN ALMALAR HAKYNDA ÝÖRITE BILDIRIŞ
Ýurdy: Türkmenistan
Taslama: Türkmenistanyň Deňiz ulagyny ösdürmek
Pudagy: Ulag
Maliýeleşdirmegiň görnüşi: Karzlaşdyrmak
Maliýeleşdiriş belgisi: TKM-1012
Şertnamanyň ady: “Ro-Ro” görnüşli iki sany demir ýol parom gämilerini we bir sany gury ýük gämisini taslamalaşdyrmak, üpjün etmek we gurluşygyny dolandyrmak
Halkara bäsleşik resminama belgisi: RFP/01
1. Türkmenistanyň Hökümeti Türkmenistanyň Deňiz ulagyny ösdürmek taslamasy boýunça Yslam Ösüş Bankyndan (YÖB) maliýe serişdelerini aldy we bu maliýe serişdelerini “Ro-Ro” görnüşli iki sany demir ýol parom gämilerini taslamalaşdyrmak, üpjün etmek we gurluşygyny dolandyrmak boýunça şertnamany maliýeleşdirmeklik üçin gönükdirmegi meýilleşdirýär. Bu taslama OPEK halkara ösüş gaznasy bilen bilelikde maliýeleşdiriler.
2. “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi aşakdaky talaplara laýyk gelýän dalaşgärleri möhürlenen bukjalarda bäsleşik tekliplerini bermeklige çagyrýar:
i. “Ro-Ro” görnüşli 2 (iki) sany demir ýol parom gämilerini we 1 (bir) gury ýük gämisini taslamalaşdyrmak, üpjün etmek we gurluşygyny dolandyrmak;
ii. Şu aşakdaky wezipeleri ýerine ýetirmek bilen “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň (Türkmenistan) mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak:
ERP (kärhananyň serişdelerini dolandyrmak) ulgamyny üpjün etmek we ERP bilen bagly tälim beriş okuwy;
Boýag etmek boýunça tälim beriş okuwy;
“Ro-Ro” görnüşli gämileriň we gury ýük gämileriň ulgamlaryna tehniki hyzmat etmek boýunça tälim beriş okuwy.
Gämileriň gurluşygy we “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça işleriň ýerine ýetirilmeli möhleti 36 (otuz alty) aýdan we her gämi üçin 12 (on iki) aý kepillikli möhletden ybarat. “Ro-Ro” görnüşli gämiler we gury ýük gämisi Türkmenistanda Türkmenbaşy şäherinde ýerleşýän “Balkan”gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda gurulmaly.
Zawodyň gämi gurluşygy üçin degişli bolan ähli infrastrukturasy, enjamlary we mümkinçilikleri gämileriň gurluşygynda Potratçy tarapyndan ulanylmaly.
Gämileriň gurluşygynda ähli adam gorlary (dolandyrmak, meýilleşdirmek, taslamalaşdyrmak, hil gözegçiligi, buýurmalary taýýarlamak we ş.m.) Potratçy tarapyndan üpjün edilmeli. Işçi güýji (işçileriň umumy sany) ýerli bazardan azyndan 90% (togsan göterim) üpjün edilmelidir.
Potratçy işleri ýerine ýetirmek, taslamany dolandyrmak, meýilleşdirmek hem-de utgaşdyrmak, satyn almak, işe girizmek we synagdan geçirmek boýunça ähli talaplar üçin jogapkärçilik çeker. Şunuň bilen baglylykda, gyzyklanma bildirýän dalaşgärler şu aşakdaky talaplara laýyk gelmelidirler:
Gämi gurluşyk ulgamynda potratçy, kömekçi potratçy ýa-da dolandyryjy potratçy hökmünde 2020-nji ýylyň 1-nji awgustyndan başlap, bäş ýylyň dowamyndan iş tejribesi;
Dalaşgäriň gämi gurluşyk zawodynda esasy potratçy/kömekçi potratçy/bilelikdäki kärhana gatnaşyjysy hökmünde azyndan 1 gämini gurup, ulanmaga tabşyrmakda tejribesiniň bolmagy;
Gämi gurluşygyna hil şahadatnamasynyň bolmagy.
Gyzyklanma bildirýän dalaşgärler şu aşakdaky maliýe talaplaryna laýyk gelmelidirler:
Dalaşgäriň häzirki maliýe durnuklylygyny we onuň gelejekki uzak möhletleýin düşewüntliligini görkezmek üçin, Buýrujy üçin kabul ederlikli bolan soňky üç (3) ýylyň audit maliýe hasabatlaryny ýa-da beýleki maliýe hasabatlaryny bermek;
Gämi gurluşyk pudagynda soňky bäş ýylyň dowamynda häzirki bar bolan ýa-da tamamlanan şertnamalar boýunça alnan tölegleriň umumy möçeri hökmünde hasaplanan, ortaça 20 000 000 ABŞ-nyň dollary möçberinde ýyllyk pul dolanşygy;
Dalaşgär likwid aktiwleri, gozgalmaýan emläk aktiwleri, karzlarynyň we beýleki maliýe serişdeleriniň (şertnama boýunça hakujy töleglerden başga) gorlarynyň barlygyny görkezmelidir, ýagny: 3 000 000 ABŞ-nyň dollary möçberinde aýlyk pul akymy we pul akymyna umumy talaplar;
Potratçy, bilelikdäki kärhananyň agzasy, dolandyryjy potratçy ýa-da kömekçi potratçy hökmünde iň bolmanda soňky bäş ýylyň dowamynda bahasy azyndan 30 000 000 ABŞ-nyň dollary bolan we üstünlikli hem-de ep-esli derejede tamamlanan gämi gurluşyk şertnamasyna gatnaşmak.
3. Teklip üçin talaplar (RFP) YÖB-niň maliýeleşdiriş taslamasynyň çäklerinde harytlary, işleri we hyzmatlary satyn almak boýunça 2019-njy ýylyň aprel aýynda çap edilen we 2023-nji ýylyň fewral aýynda gaýtadan seredilen Gollanmasyna (Procurement of Good, Works and Related Services under IsDB Project Financing, April 2019, revised in February 2023) laýyklykda halkara bäsleşik söwda amallaryny (International Competitive Bidding (ICB) ulanmak bilen geçiriler. Satyn alyş Gollanmasynda görkezilişi ýaly, teklip üçin talaplar ähli laýyk gelýän dalaşgärler üçin elýeterlidir. Şeýle-de, gapma-garşylyklara ýol bermezlik üçin, Satyn alyş Gollanmasynyň Satyn alyş syýasaty bölüminiň 1.9.1-1.9.5 bentleri bilen tanyşmagyňyzy haýyş edýäris.
4. Gyzyklanma bildirýän dalaşgärler goşmaça maglumaty aşakda görkezilen salgy boýunça “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginden (foreign_dept@tmrl.gov.tm / tmrl.foreign_dept@sanly.tm) iş wagty sagat 09:00-dan 18:00 çenli alyp bilerler.
5. RFP-niň doly toplumy bäsleşige gatnaşmaga hukugy bolan dalaşgärler tarapyndan 02.07.2025ý-dan başlap, ýazmaça arza berenlerinden we 345 (üç ýüz kyrk bäş) ABŞ-nyň dollary möçberinde ýygym tölänlerinden soňra, aşakda görkezilen salgy boýunça iş wagtynda sagat 09:00-dan 18:00 çenli iňlis dilinde alyp bilerler. Ýygym üçin töleg “Türkmendeňizderýaýolary” agentliginiň şu aşakdaky hasabyna geçirilmelidir:
Hasabyň ady :
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky
SWIFT: SBFETM22
Acc.: 28902000120128200001000
MFO: 390101201
Resminamalar aşakda görkezilen salga töleg hakynda kepilnama gelip gowşandan soňra, elektron poçta arkaly ugradylyp bilner ýa-da kompakt-diskde berlip bilner. Ýygym üçin töleg bilen bagly ähli bank çykdajylar we paçlar dalaşgäriň hasabyna amala aşyrylýar.
6. Teklipler 01.10.2025ý. senede sagat 13:00 çenli aşakda görkezilen salgy boýunça berilmelidir. Elektron satyn almalara ýol berilmeýär. Gijä galan teklipler kabul edilmez we yzyna açylmadyk ýagdaýda gaýtarylar.
7. Ähli teklipler “Teklip howpsuzlygy jarnamasy” bilen üpjün edilmelidir.
8. Ýokarda agzalyp geçilen salgy şulardan ybarat:
“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi
745000, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, 8 "А" jaýy
Tel: +993 (243) 5-11-55 / +993 (243) 4-95-51
Faks: +993 (243) 6-07-51
E-mail: foreign_dept@tmrl.gov.tm / tmrl.foreign_dept@sanly.tm
Web: www.tmrl.gov.tm